Ahmetow Berik Bakytjanowiç

Ş. Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetiniň rektory.

Tehnika ylymlarynyň kandidaty, Halkara maglumatlaşdyryş akademiýasynyň akademigi. 1985 – nji ýylyň 15 – nji dekabrynda doglan.
2006 – njy ýylda Al – Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň Fiziko – matematika fakultetiniň «Maglumat ulgamlar» hünäri boýunça, 2009 – njy ýylda bolsa Mehaniko – matematika fakultetiniň Maglumat ulgamlar kafedrasynyň aspiranturasyny tamamlady.
2010 – njy ýylda «05.13.01 – Maglumat ulgamlary seljermek, dolandyrmak we işlemek» hünäri boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.
Zähmet ýoly:
2006 – 2013 – Al – Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň Maglumat ulgamlar kafedrasynyň mugallymy, uly mugallymy, dosenti;
2011 – 2013 – Al – Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň okuw prossesi bölüminiň başlygy, okuw – metodiki müdirliginiň başlygy;
2013 – 2017 – Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak – türk uniwersitetiniň okuw – metodiki işleri boýunça wise – prezidenti;
2017 – nji ýylyň 6 – njy sentýabrynda Ş. Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetiniň rektory bolyp saýlandy.
Hünärini ýokarlandyrmak:
2010 – 2011 – University of Pierre Mendes (Fransiýa), Alicante university (Ispaniýa) tejribe geçen;
2011 – 2012 – Carl von Ossietzky universität Oldenburg (Germaniýa) uniwersitetinde doktoranturadan soňky maksatnamany tamamlady;
2010 – 2012 – ýaş zehinli alym milli talyp hakynyň eýesi;
2014 iýun aýy – ABŞ – da Ýokary bilim pudagynda barlaglar Merkezinde (University of California, Berkeley) hünärini ýokarlandyrmak kursy;
2014 iyul aýy – Angliýada ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary üçin okuw kurslary (Regent’s university London, university of Oxford, university of Cambridge, Brunel university);
2014 iýul aýy – Gazagystanyň ýokary bilim mekdepleriniň liderleriniň hünärini kämilleşdirmek Maksatnamasy (Nazarbaýew uniwersiteti & Leadership foundation).
Ylmy – metodiki işleri:
Bir sany okuw kitaby neşir edilen, 2 monografiýa we 40 – dan gowrak ylmy neşirlerde makalalar çap edilen.