Uniwersitetiň taryhy

«Siz okamak üçin ähli şertleri döredilen şeýle ajaýyp binada bilim alýarsyňyz. Mangistau ýaly önümçilik sebitiniň intensiw ösüşine öz goşandyňyzy goşarsyňyz diýip umyt edýärin»

Nursultan Äbişewiç Nazarbaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Ş. Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersiteti Mangistau welaýatynyň ýokary bilim ulgamynyň öňdebaryjysy bolyp durýar.

Uniwersitetiň taryhy 1976 – njy ýylda, ýagny, Mangistau sebitleýin önümçilik toplumy üçin inžener kadrlary taýýarlamak maksady bilen Maňgyşlak welaýatynyň Şewçenko şäherinde (häzirki Aktau şäheri) Gazak politehniki institutynyň umumy tehniki fakultetiniň gurnalmagyndan başlanýar.

Günbatar Gazagystanda hereket edýän baýlaşdyryjy fabrikleriň we mellurgiýa zawodlarynyň, guýylaryň, känleriň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, durkunyň täzelenmegi, täzeleriniň gurulmagy, senagatyň täze pudaklarynyň döredilmegi, nebitiň çykarylyşynyň depginli ösmegi okadylýan hünärleriň täze görnüşlerini açmak zerurlygyny döretdi, bu bolsa umumy tehniki fakultetiniň köpugurly bolmagyna getirdi.

Gazagystan Ministrler Sowetiniň 18.09.90 ý. senedäki №384 belgili karary bilen Politehniki institutyň umumy tehniki fakulteti Gazak Politehniki institutynyň Mangistau şahamçasyna öwrüldi.

Günbatar Gazagystanyň nebitgaz toplumynyň çalt depginli ösüşi, Mangistau erkin ykdysady zolagynyň döredilmeginiň mümkinçilikleri, energetika, nebit we atom senagatynyň kärhanalary üçin kadr ýetmezçiliginiň kynçylyklary okadylýan hünärleriň täze görnüşleriniň açylmagyny talap etdi. Günbatar Gazagystanyň respublikanyň ykdysady potensialyndaky uly orny we bilim ulgamynyň mundan beýläk kämilleşdirmeginiň zerurlygy Gazak politehniki institutynyň Mangistau şahamçasynyň statusynyň ýokarlanmagyna ýardam etdi.

Gazagystan Respublikasynyň Ministrler kabinetiniň 07.06.93 ý. senedäki №472 belgili karary we Gazagystan Respublikasynyň Bilim Ministrliginiň 30.06.93 ý. senedäki №301 belgili buýrugy bilen Gazak PTI – niň Mangistau şahamçasy Aktau politehniki institutyna öwrüldi.

Görnükli geolog alymy, Lenin baýragynyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýragynyň laureaty, Gazagystan Respublikasynyň ylymlar akademiýasynyň akademigi Şahmardan Ýesenowiç Ýesenowyň adyny ebedileşdirmek maksady bilen Gazagystan Respublikasynyň Ministrler kabinetiniň 1995 – nji ýylyň 1 – nji iýulyndaky №767 karary bilen Aktau politehniki instituty Ş. Ýesenow adyndaky Aktau politehniki instituty diýip (täzeden) atlandyryldy.

Gazagystanyň Respublikasynyň Hökümetiniň 07.05.96 ý. senedäki №573 karary bilen Aktau politehniki institutynyň we Atyrau pedagogiki uniwersitetiniň Aktau şahamçasynyň birleşdirilmekleri netijesinde Ş. Ýesenow adyndaky Aktau döwlet uniwersiteti döredildi.

Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan 2008 – nji ýylyň 26 – njy maýynda №502 belgili Karar kabul edildi: Gazagystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň «Ş. Ýesenow adyndaky Aktau döwlet uniwersiteti» Respublikanyň döwlet kärhanasyny «Ş. Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersiteti» Respublikanyň döwlet kärhanasy diýip atlandyrmaly.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti N. Ä. Nazarbaýewiň Mangistau welaýatyna 4 – 6 – njy oktýabrda bolan saparynda beren 28.10.2006 ý. senedäki №41 – 8.106 görkezmesine laýyklykda, 2007 – nji ýylyň iýun aýynda uniwersitetiň binalar toplumynyň gurluşygy başlandy. 2009 – 2010 – njy okuw ýylyny uniwersitetiň kollektiwi täze okuw binasynda garşy aldy.

2010 – njy ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutany N. Ä. Nazarbaýew Ş. Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetine geldi we uniwersitetiň kollektiwi bilen duşuşdy.

2011 – nji  ýylda 500 orunlyk talyplar ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi we sport köşgüniň gurluşygyna başlandy. Ol 2013 – nji ýylda ulanylmaga berildi.

Häzirki günde uniwersitet döwlet attestasiýasyny we hasaba alnyşyny geçen häzirkizaman iri ýokary okuw mekdebidir. Ş. Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersiteti sebitiň esasy bilim, ylym, terbiýeçilik we medeni merkezi bolup durýar. Bu ýerde nebitgaz senagatynyň, ýol ulagynyň, maşyngurluşygyň, şeýle hem pedagogikadan, ýurisprudensiýadan, ykdysadyýetden, maglumat ulgamlaryndan, standartizasiýadan, maliýeden, geologiýa, ekologiýa, ýylylyk energetikasyndan, gurluşykdan, jemagat hojalygyndan hünärmenler taýýarlanylýar. Uniwersitetde okuwyň gündizki we gaýybana görnüşleri boýunça 7 müňe golaý talyplar okaýarlar.